HIMIKI ÖNÜMLERI

Iň gowy önümleri el-ýeterli bahadan!

EKSIR kärhanasy 10 ýyldan bäri Türkmenistanda ýörite himiki maddalar bilen üpjün etmek boýunça netijeli iş alyp barýar. Boýag we lak, gury gurluşyk garyndylary, PVH önümleri, plastmassa önümleri öndürmek, gaýtadan işlemek we reňklemek, çig we praýmer, bezeg beton önümleri öndürmek üçin dürli himiki goşundylar bilen üpjün edýäris.


Häzirki zaman bäsdeşlik gurşawynda,  çig mal bilen öz wagtynda üpjün edilmegi, islendik öndüriji öz müşderileri üçin hödürleýän önümleriniň hiliniň ýokary bolmagy oňa abraý gazandyrar.

Hemmetaraplaýyn tehniki goldaw we dünýä ygtybarly abraýly çig mal liderlerinden funksional goşundylar bilen üpjin edip müşderilerimize önümleriniň bäsdeşlig güýjini artyrmaga ýardam edýäris.

Müşderilerimize öz maksatlaryna ýetmek üçin ynam döredip, her gün has gowulaşmagy üçin iş alyp barýarys.


Dünýäde çig mal öndürmekde tanalýan uly öndürijilerden ýagny DOW, BASF, EVONIK, EASTMAN, DuPont, ARKEMA, ASHLAND, Clariant, WACKER, LANXESS we beýleki himiýa kompaniýalardan ýörite himiki goşundylar üpjin edýäris.